Ï Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda

view-icon 7109
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda
Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda geçirilýän baýramçylyk sergilerinde görkezilen «Akylly ýol yşygy» we «Akylly awtoduralga» uniwersitetiň mugallymlary hem-de talyplary bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.

Ulag-logistika ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň biri hem «akylly ýol yşygy» ulgamydyr. Bu programma üpjünçiligi intellektual ulgamlaryň tehnologiýasyna degişli bolup, köp ilatly şäherlerde ulag dykynlarynyň öňüni almak, ýol hereketini gowulandyrmak we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Programma üpjünçiliginiň artykmaçlyklary:

• Obýektleri tanamak mümkinçiligi;

• Öz wagtynda awtomatiki düzedişleri girizmek;

• Ýol gözegçiliginiň işgärleri üçin web-sahypasyndaky ýol hereketi baradaky maglumatlary almak.

Akylly awtoduralga haçan-da girelgä awtoulag ýakynlanda duýujy sensor ony duýup, merkezi dolandyryjy bölüme habar berýär.

Eger-de, sürüji ýa-da ulag serişdesi derwezä belli bir aralyga çenli ýakynlamasa, onda derwezeleriň ikisi hem ýapyk durýar. Bu akylly awtoduralganyň yene-de bir aýratynlygy, ony kompýuteriň kömegi bilen işiň gidiş pursadyna syn edip bolýar. Kompýuteriň kömegi bilen duralganyň derwezesini hem dolandyryp bolýar. Şeýle hem sürüji duralga barmazdan öňürti özüne gerekli bolan boş ýeri belläp, sargyt edip bilýär.

Häzirki wagtda talyp ýaşlaryň işläp taýýarlan taslama işleri gurluşygy dowam edip duran Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň ýaşaýyş jaylarynda we edara binalarynda ornaşdyrylýar.