Ï ÝUNISEF Türkmenistana çagalary we maşgalalary goramak üçin zerur serişdeleri getirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNISEF Türkmenistana çagalary we maşgalalary goramak üçin zerur serişdeleri getirdi

view-icon 3557
ÝUNISEF Türkmenistana çagalary we maşgalalary goramak üçin zerur serişdeleri getirdi

BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurt boýunça edarasy (ÝUNISEF) tutuş ýurt boýunça saglygy goraýyş edaralaryna paýlanmagy üçin, bahasy 413.000 ABŞ dollary bolan deksametazon serişdesiniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minstrligine gowşurylandygyny habar berýär.

Bütindünýä pandemiýasynyň dowam edýän şertlerinde ÝUNISEF tarapyndan maliýeleşdirilýän 4,4 tonna derman gerdejiklerden we ampuladan ybarat bolan deksametazonyň gowşurylmagy ýiti ýokanç hassalyklara garşy durmaga taýynlyk boýunça Milli meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine ýardam we dem alyş ýollary agyr ýokançlykly hassalary bejermek üçin zerur derman bilen üpjün eder. Dekzametazon serişdeleri hassalaryň – hem çagalaryň, hem ýaşulularyň – bejergisini goldamak üçin giňden ýaýran serişde hökmünde ulanylýar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Narteanyň aýtmagyna görä, “ÝUNISEF bütindünýä pandemiýasynyň iň başyndan bäri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw berip gelýär, deksametazonyň – degişli barlaglardan geçen we dem alyş ýollaryndan ejir çekýän hassalaryň saglygy babatynda täsirliligini subut eden serişdäniň – häzirki gowşurylmagy-da biziň her çaga üçin sagdyn durmuş terzini üpjün etmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygymyzy görkezýär.

Bu, Türkmenistanyň soňky onýyllyklaryň dowamynda derwaýys dermanlary, waksinalary (sanjymlary), sanjym bilen baglanyşykly enjamlary we çagalary hem maşgalalary goramak üçin arassaçylyk serişdelerini satyn almak we ýurda getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýurduň hökümetini yzygiderli goldan ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň dowamydyr.