Ï Aşgabat – Baku: bilermenleriň strategik derňew boýunça hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – Baku: bilermenleriň strategik derňew boýunça hyzmatdaşlygy

view-icon 5146

Ýakynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik derňew merkeziniň işgärleri bilen Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary derňewi merkeziniň işgärleriniň arasynda Türkmenistan we Azerbaýjan halklarynyň bähbidine, şeýle hem Hazar we MA sebitinde parahatlyk hem durnuklylyk ýagdaýyny saklamaga gönükdirilen deňhukukly hyzmatdaşlyk boýunça taraplaryň arasynda ysnyşykly gatnaşygy ýola goýmak barada onlaýn gepleşikler geçirildi.

Merkezleriň ýolbaşçylary – Türkmenistandan Ş.Şiriýew, Azerbaýjandan Farid Rauf ogly duşuşyga gatnaşýanlary işgärleriniň öňünde duran meseleler we wezipeler bilen tanyşdyrdy. Olar iki ýurduň bilermenleriniň we hünärmenleriniň arasynda gatnaşygy ýola goýmagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Soňra iki tarapdan-da duşuşyga gatnaşýanlar gysgaça çykyş etdiler. Olar hem şunuň ýaly gepleşikleriň we strategik derňewine degişli meseleler we çaklama bilen meşgullanýan kärdeşleriň arasynda iki tarapa-da bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça geljekde özara hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekişmek barada teklipler aýdyldy.