Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ses bermegiň netijeleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzy doly derejede tassyklaýar.
Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Many-mazmunly syýasy gatnaşyklar, dürli ugurda netijeli hyzmatdaşlyk, şeýle hem GDA-nyň, BMG-niň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklar ýola goýuldy.
Siziň Prezident wezipesinde alyp barjak işleriňiziň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ähli toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Munuň özi, gürrüňsiz, biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna laýyk gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap saýlanan Prezident!
Siziň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanandygyňyz baradaky habary şatlyk bilen kabul edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda döwleti gurmakda we milleti galkyndyrmakda okgunly ösýär. Hytaý tarapy dostlukly ýakyn goňşy hem-de strategik hyzmatdaş hökmünde muňa örän şatdyr. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn.
Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyndan başlap, Siziň bilen bilelikdäki tagallalary etmäge, ýola goýlan däpleri dowam etdirmäge, geljek üçin täze ugurlary açmaga we hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypalaryny bilelikde ýazmaga taýýardyryn.
Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Dostlukly Türkmenistana abadançylyk hem-de berkararlyk, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap saýlanan Prezident!
Gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňizi doganlyk türkmen halkynyň ýokary ynamyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Saýlawlaryň asuda hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçendigi aýratyn buýsandyrýar.
Siziň kakaňyz, gadyrly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikler gazanan Türkmenistanyň Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda şol gazanylanlary has-da ösdürip, geljekde hem uly sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwlet bolmak bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda Siziň ýurduňyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny hemişe pugtalandyryp gelýär. Şol döwürde doganlyk köklerimizden kuwwat alýan gatnaşyklarymyz özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk esasynda ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbidine, şeýle hem sebitimizde durnuklylygyň kemala gelmegine we okgunly ösüşiň gazanylmagyna uly ýardam berdi. Häzirki wagtda bolşy ýaly, mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary dowam edip, türkmen doganlarymyzyň üstünliklerine buýsanarys.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde gatnaşyklarymyz soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykaryldy. Geljekde hem Siziň Alyhezretiňiziň goldaw bermeginde ösüş ýolumyzy okgunly dowam etdirip, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýäris.
Ýakyn wagtda Siziň Alyhezretiňizi Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn hem-de şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimlerimizi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikler, türkmen doganlarymyza bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Özbegistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Geçirilen saýlawlaryň netijeleri türkmen halkynyň Siziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen meýilnamalaryňyzy hem-de maksatnamalaryňyzy goldaýandygyny aýdyňlyk bilen tassyklady.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda doganlyk Türkmenistanda ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeleriň dowam etdiriljekdigine hem-de Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň ýurduňyzyň mundan beýläk-de ilerlemegine ägirt uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Ýanwar aýynda Siziň bilen geçirilen gepleşiklerimiziň barşynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, olary täze derejä çykarmak boýunça gazanylan ylalaşyklary aýratyn kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli we özara bähbitli gatnaşyklaryň dostlukly halklarymyzyň umumy ösüşiniň bähbidine has belent derejä çykaryljakdygy şübhesizdir.
Pursatdan peýdalanyp, Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri we maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi dostlukly Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ses bermegiň netijeleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasatyň jemgyýet tarapyndan goldanylýandygyny tassyklady.
Biz dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan täjik-türkmen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwletara gatnaşyklary halklarymyzyň bähbidine, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ruhunda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Siziň bilen bilelikde netijeli işleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýärin.
Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Ynamly ýeňşiňiz türkmen halkynyň Size bolan ynamynyň ýokary derejesini tassyklaýar. Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.
Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hem, iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Sizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Energetika, senagat düzümlerinde we beýleki ulgamlarda özara bähbitli iri taslamalar amala aşyrylýar.
Hökümet ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, iş ýüzünde goşulyşmagyň giňeldilmegi, sebitara hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly kybap gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.