Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrilgi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2022» atly basleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Oguljeren Ýazgeldiýewa baş baýraga, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülendam Merdanowa birinji, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 140-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýperi Paşşyýewa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Milana Döwletowa ikinji, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Nurana Kakamyradowa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýperi Mämiýewa, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Gülnur Saparowa dagy üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
«Iň eýjejik gyzjagaz – 2022» bäsleşigine ýeňiji gyzjagaşlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.