Ï Döredijilik duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik duşuşygy geçirildi

view-icon 5380
Döredijilik duşuşygy geçirildi

Her ýyl Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Erkin döredijilik mekanynda halk ýazyjylarynyň we şahyrlaryň ýaşlar bilen duşuşyk geçirmegi indi däbe öwrüldi.

18-nji martda Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasynyň bahar bagtyýarlygy» atly tema boýunça söhbetdeşlik guradylar. Duşuşyga ýaş ýazyjylar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ýazyjy we dramaturg Kömek Kulyýew çykyş etdiler. Bu çärä Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow we şahyr Süleýman Ilamanow hem gatnaşdylar.

Halypa söz ussatlary ýaşlara öz döredijiligi, bu ugurda äden ilkinji ädimleri we gadymy, ýöne baky juwan bahar baýramynyň – Nowruz baýramynyň belleniş däpleri barada gürrüň berdiler.

Nowruz nury türkmen şygyrýetiniň köp ussadyna: Döwletmämmet Azada, Magtymguly Pyraga, Keminä, Seýdä, Zelilä, Mätäjä, Kätibä we başga-da birnäçe şahyrlara ylham beripdir. Nowruzyň gelmegi türkmen halk döredijiliginde hem giňden beýan edilipdir. Halypalaryň yzyna eýerýän häzirki zaman ýazyjy-şahyrlary edebi eserlerinde ýylyň iň ajaýyp döwrüniň birine ýüzlenmegi häzirem dowam etdirýärler.

Duşuşyk baharyň özi ýaly mylaýym, täsirli we gyzykly boldy. Çykyş edenler çärä gatnaşanlaryň hemmesine okuwlarynda we hünär işlerinde üstünlik arzuw edip, baharyň gül açýan, ylham we ösüş döwrüdigini bellediler.