Ï Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

view-icon 8422
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

Howaşynaslaryň deslapky çaklamalaryna görä, Türkmenistanda birnäçe günläp salkyn we bulutly howa bolar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýagyş ýagmagy mümkin. Welaýatlarda howanyň iň ýokary temperaturasy +25°C-ä ýeter.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +7…+10°C, gijelerine +4…+6°C bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynyň çäklerinde üýtgäp durýan bulutly howa we ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +7…+12°C, gijelerine bolsa +1…+6°C bolar. 

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, ýagyş gatyşykly gar ýagmagy mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +6…+11°C, gijelerine 0…+5°C, deňiz ýaka sebitlerde bolsa +2…+7°C bolar. 

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly. Howanyň  temperaturasy gündizlerine +10…+12°C, gijelerine +1…+6°C. Dynç günleri güneşli, aýdyň howa bolar. Howanyň iň ýokary derejesi gündizlerine +18…+27°C ýeter.  

Lebap welaýatynda gündizlerine +9…+14°C, gijelerine 0…+5°C. Hepdäniň ahyrynda howa açylyp, +20…+25°C çenli maýlar. Dynç alyş günlerinde ýagyn ýagmak mümkin.   

Daşoguz welaýatynda gündizlerine +2…+7°C, gijelerine –2…+3°C bolar. Ýöne sebitde howa gaty bir durnukly bolmaz. Hepdäniň ahyrynda termometriň simap sütüni  +18°C çenli galar. Emma dynç günleri bu görkezijiler +10…+12°C. çenli aşak düşer.

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň!