Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçýän Bütindünýä «EKSPO-2020» sergisiniň ýapylmagyna sanlyja gün galdy.
2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bolup geçen dabaraly açylyşyndan bäri sergi bütin dünýäden gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Halkara meýdançada degişli ýurtlaryň medeniýet, bilim, innowasiýa tehnologiýalary pudagyndaky we başga-da köp üstünliklerini görkezýän ýüzden gowrak pawilýon gurlupdy.
Uly göwrümli gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň hataryna giren Türkmenistanyň milli pawilýony halkymyzyň aýdyň özboluşlylygyny, ýurduň taryhy we medeni mirasyny, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri ýokary guramaçylyk derejesinde görkezdi.
«Çakganlyk» mowzuky zolakda ýerleşip, «Ahalteke atlary bilen bilelikde medeniýetiň jümmüşine girmek» atly hereket edýän pawilýon geçmişi, şu güni we geljegi ýeke şygar bilen birleşdirdi: «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watanydyr!»
9-njy oktýabrda «EKSPO-2020» sergisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň milli güni geçirildi. Köp sanly myhmanlar biziň ýurdumyzyň milli mirasy – ahalteke atlary, türkmen halylary we Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklaryndan getirilen täsin arheologik eksponatlar bilen jikme-jik tanyşdylar.
Şeýle hem, türkmen milli pawilýonyna gelýänler güneşli Diýarymyza wirtual syýahat etdiler. Galtaşymy duýýan ýörite gologramma türkmen topragynda gowaçanyň we bugdaýyň ösüşini görkezdi. Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
«EKSPO-2020» sergisiniň meýdançasynda bolnan birnäçe aýyň dowamynda 30 müňden gowrak çäre geçirilip, olara dünýä liderleri, täzelikçiler, dünýä belli türgenler, suratkeşler we sazandalar gatnaşdylar.
Bu ýerde gatnaşanlaryň rekord sany – 20 million ýazga alyndy. EXPO-2020 sergisinde iň gowy diýlip, Saud Arabystanynyň milli pawiliony ykrar edildi.
20–26-njy mart aralygynda «EKSPO-2020» sergisinde Ýer ýüzündäki iň gymmatly gory goramaga bagyşlanan Suw hepdeligi geçirilýär.