2022-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-na agza bolmak hereketleri we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça BSG bilen Ylalaşyk boýunça geňeşme duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BSG-niň sekretariatynyň, UNECE-niň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemileşik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň BSG-ki Hemişelik wekili, şeýle-de garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň depginini belläp geçdiler. W.Hajiýewiň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň BSG bilen özara hereketleriniň ahyrky maksady – Türkmenistanyň bu Guramanyň dolu hukukly agzasy bolmagy bolup, bu öz gezeginde golaýda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda hem öz beýanyny tapýandyr.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-de synçy derejesini aldy, şu ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karar kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasyny iki tapgyrda durmuşa geçirmegiň çäklerinde resminamanyň amala aşyrmagyň birinji tapgyry boýunça Ýol kartasyna laýyklykda, Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy üçin taýýarlyk işleriniň tamamlanmagy babatynda ähmiýetli işleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini beýan etdi.
Strategiýanyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde BSG-na girmegi hem-de täze şertlerde Türkmenistanyň daşary söwda ulgamynyň, logistika infrastrukturasynyň has hem ösdürilmegi we daşary söwdasynyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
Duşuşygyň çäklerinde AÖB-nyň tehniki goldawynyň hem-de hemaýatynyň çäklerinde taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamanyň işlenilip düzülmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy nygtaldy.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça işleriň dowam edilmegi ugrunda ileri tutulýan meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.