Ï Daňatar Öwezowyň eserlerinden düzülen konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daňatar Öwezowyň eserlerinden düzülen konsert

view-icon 4888

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary tenor M.Myratgeldiýew bilen bariton B.Gaýybow ilkinji türkmen kompozitory D.Öwezowyň eserlerinden konsert bilen çykyş etdiler.

Wokalçylaryň ikisi-de bir wagtlar D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite orta hünär mekdebinde şol bir mugallymdan –Aman Amanowdan tälim alypdylar. D.Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsertde belent owazly aýdymçylar diňleýjileri türkmen operasynyň düýbüni tutan kompozitoryň saýlama eserleri bieln begendirmegi niýet edindiler.

Konserte gatnaşan M.Beýmanowa konsert başlamazdan öň «AA»-nyň habarçysyna: «Men D.Öwezowyň şirin owazly, duýgylara baý sazlaryny gowy görýärin. Onuň sazlary eýýäm bir asyr bäri ýaňlansa-da, asla könelmeýär» — diýip belledi.

Konserti alyp baryjy M.Myratgeldiýewiň okuwçysy K.Artykowa diňleýjileri ajaýyp kompozitoryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrdy.

Konserti M.Myratgeldiýew açdy, ol «Leýla» aýdymyny uly hyjuw bilen ýerine ýetirdi. Soňra B.Gaýybow «Ýok, ýok» liriki aýdymyny ýerine ýetirdi. Konsertde «Dilberjan», «Gyzlar» aýdymlary bilen birlikde D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp», D.Öwezowyň we Ý.Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operalaryndan arialar hem-de ariozalar ýaňlandy. Bu operalara ýöne ýerden halky diýmeýärler, çünki olarda türkmen halk sazlarynyň owazy ýiti duýulýar. Galyberse-de, aýdymçylaryň ussatlygy bilen olar has ajap ýaňlandy.

Dabara hormatly myhmanlaryň hatarynda D.Öwezowyň gyzlary A.Daňatarowna bilen A.Daňatarowna hem gatnaşdylar. Olaryň ikisem kakasynyň adyny göterýän orta hünär mekdebiniň mugallymllary.

— Ajaýyp sazlar uýam ikimizi çagalyk döwrümize dolady – diýip, Aýlar Daňatarowna tolgunyp gürrüň berdi. — Biz ençeme ýyllar bäri hoş owazly bu sazlara belet, şonuň üçinem konsertiň guramaçylaryna, goý, gaýybana bolsa bolsun ýene-de kakamdyr ejem bilen maşgalamyzyň arasynda bolmaga döreden mümkinçiligi üçin minnetdalryk bidirýäris.