Ï Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

view-icon 6340
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

Bu hepde ýurdumyzda howa maýyl bolar. Käbir sebitlerde ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri termometriň sütüni + 30 gradusa ýeter.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +17…+19, gijelerine +7…+9 gradus bolar. Sişenbede temperaturanyň birden üýtgemegine garaşylýar, onuň görkezijileri +12 gradusa çenli peseler. Az wagtlyk ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar. Çarşenbeden maýlama güçlenip başlar, neijede dynç günleri howa +23 gradusa çenli gyzar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we az ýagyşly howa bolar. Gündizlerine +17…+22, gijelerine +5…+10 gradus maýyl bolar. Dynç günleri +28…+30 gradus güneşli howa bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, käbir ýerlerde ýagyş ýagar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +12…+17, gijelerine +5…+10 gradus bolar. Howa dynç günleri +23…+28 gradusa çenli maýlar. Şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa kenarýaka sebitlerinde +6…+11 gradus bolar.

Mary welaýatynyň çäginde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, käbir ýerlerde ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +18…+23, gijelerine +5…+10 gradus bolar. Dynç günleri +26…+30 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar.

Lebap welayatynda bulutly, şemally howa bolup, temperatura gündizlerine +16…+21, gijelerine +4…+9 gradus bolar. Az wagtlyk ýagyş ýagmak ähtimaly-da aradan aýrylmaýar. Howa dynç günleri +20…+25 gradusa çenli maýlar.

Daşoguz welaýatynda gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Bu ýerde hepdäniň başynda howanyň temperaturasy gündizlerine +14…+19 gradusa ýeter, gijelerine +3…+8 gradus bolar. Dynç günleri howanyň ortaça görkezijisi +27 gradusa golaýlar.