Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministri HHR-de geçiren duşuşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministri HHR-de geçiren duşuşyklary

view-icon 5689
Türkmenistanyň Daşary işler ministri HHR-de geçiren duşuşyklary

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň biri Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Taraplar şu ýylyň ýanwar aýynda owgan minsitriniň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligi barada bygtap geçdiler.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi we demirýol taslamalary ýaly infrastruktura taslamalarynyň işiniň gidişi barada pikir alşyldy.

Diplomatlar howpsuzlygy üpjün etmek boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şu duşuşygyň strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunlukda, ministrler dört sany esasy ugurlar: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlary boýunça işleýän, Türkmenistanyň we HHR-nyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça Komitetiň döwletara gatnaşyklarynyň netjeli guraly bolup çykyş edýändigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijeliligini, şonuň ýaly-da birek-biregiň başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygyny bellediler. «Merkezi Aziýa - Hytaý» Sammitiniň netijeliligi hem nygtaldy.

Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Ministrler bu sebitleýin dialogyň öz wagtyndalygyny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Hytaýyň owgan meselesi babatynda hemişelik hem-de yzygiderli esasda gepleşikleri alyp barýandyklary bellenilip geçildi.  

Bu ugurda, taraplar sebit hem-de global gün tertibiniň derwaýys meseleleri, hususan-da ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatynda Türkmenistanyň we Hytaýyň nukdaýnazarlarynyň ýakynlygyny hem-de gabat gelýändigini nygtadylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Hususan hem, ikitaraplaýyn söwda dolanşygyny artdyrmagyň, energetika ulgamynda özara hereket etmegiň, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine seredildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän aýratyn alnan sebit we halkara ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.