Ï Türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki Toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki Toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy

view-icon 10542

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.