Ï Konserwatoriýa Rejep Rejebowyň sazlaryny diňlemäge çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konserwatoriýa Rejep Rejebowyň sazlaryny diňlemäge çagyrýar

view-icon 4341
Konserwatoriýa Rejep Rejebowyň sazlaryny diňlemäge çagyrýar

1-nji aprelde Maýa Kulýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda «Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi» atly konsert geçiriler. Türkmen Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebowyň türkmen kinematografiýasynyň altyn hazynasyna giren belli filmlere döreden eserleri ýaňlanar.

Kinofilmlere ýazylan sazlar bir ýyl gowrak mundan ozal aramyzdan giden Rejep Rejebowyň köpugurly döredijilik mirasynyň uly bir bölegidir. Onuň gyzy Aýjemal Rejebowanyň aýtmagyna görä, bu žanr kakasynyň döredijiliginde möhüm orna eýe bolup, öz döreden sazy bilen filmiň ýordum ugruny has doly açmaga, ondaky pikirleri we duýgylary has takyk bermäge çalşardy. Bu ugurda kämillige ýetmek üçin žanryň tilsimlerini we mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenipdi. Şonuň üçin hem Rejep Rejebowyň kinosazlary režisýoryň pikirini güýçlendirip, liriki äheňde gahrymanlaryň içki duýgylaryny çuňňur beýan edip, tomaşaçylaryň içki dünýäsini baýlaşdyrýar.

Türkmen döredjilik intelligensiýasynyň ajaýyp wekili Rejep Rejebow kompozitorlaryň, aýdymçylaryň, nakgaşlaryň we režisýorlaryň ençemesi bilen dostlaşypdy hem-de hyzmatdaşlykda bolupdy. Zehinli režisýor Bulat Mansurow bilen hyzmatdaşlygy ony kino üçin sazlar älemine imrigdiripdi. Rejep Rejebow Ýuriý Trifonowyň romany boýunça «Утоление жажды», Andreý Platonowyň «Рабыня» hekaýasy boýunça filmerine saz ýazdy. Bu ajaýyp zehinleriň döredijilik hzymatdaşlygy gowy netijeler berdi. Rejep Rejebowyň kinofilmere sazlary we aýdymlarynyň köpüsi il içinde halk eserleri hasaplanylýar, muny kompozitor öz döredijiligine berlen iň ýokary baha hasaplaýardy.

Rejep Rejebowyň kino sazlaryna bagyşlanan konserti sagat 16-da başlanýar.