Ozal habar berlişi ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
Institutyň baş binasynyň girelgesinde amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Maslahatlar zalynda guralan duşuşykda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory giriş sözi bilen çykyş etdi. Onda institutyň gazanan üstünlikleri we Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary hakda aýdyldy. Institutyň wekilleriniň we hindi kärdeşleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, olary geljekde hem ösdürmek barada gürrüň edildi. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Hindistanyň Suşma Swaraj Diplomatika gullugy institutynyň hyzmatdaşlygy babatda gazanylan üstünlikler bellenildi.
Duşuşykda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nair DIM-niň HGI-nyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewe Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bagyşlanan ýadygärlik markaly albomy gowşurdy.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň çykyşynda Hindistanyň daşary syýasat ugrunyň, Hindistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlary we olary ösdürmegiň geljegi beýan edildi.
Duşuşygyň çäklerinde belent mertebeili myhman institutda geçirilen duşuşyk mynasybetli döredilen «Hindistanyň burçunyň» açylyş dabarasyna gatnaşdy. Prezident Ram Nath Kowind iki halkyň arasynda dostlugy berkitmekde bu wakanyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri –Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Hindistanyň burçunyň» ýerleşdirilmeginiň türkmen we hindi halklarynyň köp asyrlyk dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň, ýurtlaryň netijeli hem-de üstünlikli, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydygyny bellediler.
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa «Hindistanyň burçunyň» institutyň talyplaryna ýurduň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ylym we bilim ulgamynda gazananlaryny çuňňur öwrenmäge, döwletleriň arasynda kemala gelen taryhy gatnaşylar hakda has köp bilmäge kömek etjekdigini nygtady.
«Hindistanyň burçy» zerur maglumat serişdeleri, şol sanda audio we wideomateriallar bieln doly üpjün edilipdir. Bu ýerde hindi halk saz gurallary goýlan, dürli dillerde neşir edilen kitaplar, nusgawy we çeper eserler, möwsümleýin neşirler, ýurduň taryhy hakda gürrüň berýän fotoalbomlar bolan kiçeňräk kitaphana hem bar.
Gyzyklanýanlar «Hindistanyň burçundaky» materiallar arkaly ýurduň dili, medeniýeti, milli baýramlary, däp-dessurlary, döwletiň häzirki ösüşi we onuň, şol sanda ylym we bilim ulgamynda ileri tutýan ugurlary barada gözýetimini giňeldip bilerler. «Hindistanyň burçunyň» döredilmegine türkmen talyplary aýratyn gyzyklanma bildirdiler.
Indien beýläk dosltlukly döwletiň gözelligini, baý taryhyny, özboluşly medeniýetini, şeýle hem Türkmenistan bilen Hindistanyň barha pugtalanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny beýan edýän bu ýer ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we myhmanlarynyň düşünjesini artdyrmagy üçin ajaýyp meýdança bolar. Eýýäm işläp başlan burçuň taryhy bolsa Belent mertebeli myhmanyň instituta gelmegi bilen aýrylmaz baglanşykly bolar.
Ýurdumyzyň DIM-niň HGI-nyň wekilleri Hindistanyň Prezidentiniň Diplomatiýa ýokary mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşygynyň institutyň taryhynda wajyp waka, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde täze möhüm ädim bolandygyny nygtadylar.