Ï «Bir penjire» ulgamy boýunça Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrükçileriniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bir penjire» ulgamy boýunça Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrükçileriniň duşuşygy

view-icon 6217

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň işjeň ýardam bermeginde Türkmenistanyň döwlet Gümrük gullygynyň we Gruziýanyň Maliýe ministrliginiň Girdejiler gullugynyň Gümrük departamentiniň hünärmenleriniň arasynda «Bir penjire» ulgamy boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Gruzin gümrükçileri «Bir penjire» ýörelgesini ulanmakda toplan tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän birnäçe sowallary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrük edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.