Şu gün, 6-njy aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli BMBM-niň mejlisler zalynda «Otorinolaringologiýanyň wajyp meseleleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyplary hem-de Bejeriş –maslahat beriş merkeziniň lukmanlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler ýurdumyzda dürli keselleriň, hususan-da, gulak, burun, bokurdak keselleriniň öňüni almak we bejermek boýunça saglygy goraýyş edaralarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdiler. Munuň üçin Diýarymyzda saglygy goraýyş edaralarynyň, hassahanalaryň, saglygy anyklaýyş we bejeriş merkezleriniň we beýlekileriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi, olaryň dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilýändigi, täze saglygy goraýyş merkezleriniň yzygiderli gurulýandygy nygtaldy.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Bütindünýä saglygy goraýyş güni mynasybetli köpsanly giň gerimli çäreleriň, şol sanda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň meýilleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler.
Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.