Ï N. Halmämmedow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

N.Halmämmedow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň sahnasynda

view-icon 8062
N.Halmämmedow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň sahnasynda

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçiriljek geljekki teatr möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Köňül tarlary» spektaklyny sahnalaşdyrmaga girişdiler. ХХ asyryň ussat kompozitory hakynda pýesanyň awtorlary S.Serbazow we M.Mämmetgurbanow N.Halmämmedowyň sazlary bilen terjimehal maglumatlarynyň baglanyşygyny esas edip alypdyrlar, çünki olaryň birini beýlekisinden aýyrmak mümkin däldir.

Oýun goýujy režissýor B.Mämmedow teatr toparynyň, aýratynam öz üstüne düşýän ägirt uly jogapkärçilige gowy düşünýär, ony N.Halmämmedow bilen ýakyn şahsy gatnaşykar birleşdirýär: Moskwada okan talyp ýyllary goňşy ýaşap, gatnaşykda bolupdyrlar. Belki, bu ýagdaý, beýik kompozitoryň keşbini has gowy açmaga ýardam eder.

Pýesa laýyklykda N.Halmämmedowyň çagalyk, ýetginjeňlik we ýetişen döwri görkeziler. Ç.Nurymowyň, A.Agajykowyň, şahyr G.Ezizowyň aýdymçy A.Garýagdyýewiň keşbini döredýän aktýorlar bilen duşuşyk tomaşaçylar üçin ýakymly bolar.

N.Halmämmedowyň keşbini döretmek bagty aktýor M.Gurbanowyň bagtyna düşüpdir.