Ï Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli

view-icon 32345
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli

Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar işeňňir gatnaşdylar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar, brifingler we ylmy-maslahatlar geçirildi.

Bayramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylgamak boýuça geçirilen ýaryşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Saglyk ýolunda duşurdy. Arassa dag howasy, bahar paslynyň hoşboýlylygy we gözelligi ýaryşa gatnaşýanlara şähdiaçyklyk, güýç-kuwwat berdi. Ýaryşlaryň çekeleşikliligi, janköýerleriň-tälimçileriň, mugallymlaryň we talyplaryň gyzgyn goldawy ýaş türgenlere aralygy geçmäge ýardam berdi.

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Maksat Öwliýagulyýew ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ikinji we üçünji ýerleri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary eýelediler.

***

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen duşuşyk sagdyn durmuş ýörelgesi we onuň ähimýeti, şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlandy. Bu çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty boýunça agzalary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy müdirligniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekilleri, paýtagtymyzyň 5-nji Saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary duşuşygyň mowzugyna uly gyzyklanma bildirdiler. Duşuşyga gatnaşan talyp ýaşlaryň bilesigelijiligi bilen duşuşyk işjeň ýagdaýda geçdi.

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden düşündirmek we ýaýratmak ýaly giň möçberli işi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, talyplaryň gatnaşmaklarynda şeýle baýramçylyk çäreleriň we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem göçme görnüşdäki duşuşyklaryň geçirilip, olara gatnaşýan ýaşlaryň işjeňligi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.