Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň merkezinde «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalar üçin täzezaman dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ol eziz Diýarymyzda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça bäsleşikde ýeňiji hökmünde etraba baýrak berlen ABŞ-yň bir million dollarynyň hasabyna gurlar. «On ýyl Abadançylyk» köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze gurluşygyň meýdany 1,5 gektara barabar bolar. Onuň çäklerinde edara binalary, kafelar, dükanlar, awtoduralga, dürli oýunlar üçin attraksionlar, tehniki serişdeler üçin niýetlenen jaýlar gurmak göz öňünde tutulýar. «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň bölüm başlygy S.Jumadurdyýewiň bellemegine görä, häzir bu ýerde edara binalarynyň we dükanyň gurluşygy, suw üçin howdanyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Diýarymyzda ýaş nesli ruhy we ahlak taýdan terbiýelemek, olaryň sagdyn ösmekleri, bagtly we eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin degişli işleri durmuşa geçirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrlaryň biri bolup durýar. Beýleki welaýatlarda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda-da çagalaryň aň we fiziki taýdan ösüşine, boş wagtlaryny peýdaly, talabalaýyk peýdalanmaklary üçin gaýragoýulmasyz şertler hemmetaraplaýyn döredilýär. Sebit häzirki zaman orta mekdeplerine we mekdebe çenli ýaşlylaryň şeýle-de çagalaryň sagaldyş ýerleriniň giň ulgamyna eýelik edýär. Bu ýerde şäherdäki etrapçalarynyň ýaş ilaty üçin, umumy meýdany elli müň inedördül meýdany özünde jemleýän çagalar sagaldyş merkezi üstünlikli hereket ediýär we sport tolumynda oýun we sport meýdançalary hem-de çagalaryň dürli attraksionlary gurulýar.