Ï Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 7756

Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşdyrmakda ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň taryhyndaky şanly senä — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýändigi nygtaldy. Esasy Kanunymyz döwlet gurluşyny hukuk taýdan resmileşdirip, halkymyzyň öz topragynda özygtyýarlylygyny berkarar etdi hem-de ata Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda okgunly ösüşi üçin berk binýady goýdy. Bu gün hil taýdan täze resminama bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara Şertnamanyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara Şertnamanyň esasy taglymlaryny hem-de ýörelgelerini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet strategiýasy jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda adam hukuklarynyň doly derejede üpjün edilmegi we amala aşyrylmagy üçin durmuş-ykdysady şertleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasyny ýurdumyzyň gatnaşýan halkara resminamalarynda bellenen hem-de umumy ykrar edilen kadalar, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary düzýär.

Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup, ony goramak, goldamak hem-de oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň esasy wezipeleridir. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda ýurdumyzda şahsyýetiň erkin ösmegi ömrüni, abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini we başga-da köp sanly konstitusion hukuklary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Türkmenistan konstitusion kanunçylygyň dünýä tejribesini, kadalaryny hem-de ýörelgelerini öwrenmäge, BMG-niň adam hukuklary we azatlygy babatdaky esas goýujy Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn namalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklap, ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, adam hukuklaryny pugtalandyrýan we kepillendirýän kanunçylygy kämilleşdirýär, olary üpjün etmegiň täsirli gurallaryny işläp taýýarlaýar.

Çykyşlarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň, Adalatçynyň diwanynyň üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Adam hukuklaryny üpjün etmek mowzugy ähli milli maksatnamalarda we meýilnamalarda öz beýanyny tapýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ýurdumyzyň bu ulgamdaky meseleleri çözmäge ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

Düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy hem-de “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy.

Çykyşlarda ýurdumyzyň Konstitusiýasynda dünýä hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýan ugur hökmünde berkidilmeginiň döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur hukuk binýadyny hem-de şertleri döredýändigi aýratyn nygtaldy.

Maslahatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarynda demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde oňyn tejribe toplandy.

Maslahatyň dowamynda döwlet dolandyryşyny özgertmekde sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti, ýurdumyzda adam hukuklary babatda bilim bermegi ösdürmegiň häzirki zaman meýilleri, jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny üpjün etmekde eýeleýän orny barada-da çykyşlar diňlenildi.