Häzirki wagtda ýurtda sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak yzygiderli kämilleşýär. Döwrebap elektron söwda we eltip bermek hyzmaty hem munuň aýdyň mysaly bolup, türkmen paýtagtynda ýerleşýän internet dükanlary hem müşderileri höweslendirmek maksady bilen arzanlaşyklary, sowgatly günleri yzygiderli yglan edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesi habar berýär.
“Gerekli” internet söwda meýdançasy “Premium” derejä çykan müşderilerine aýyň dowamynda 2 gezek çarşenbe güni geçirilýän “Gerekli günüň” dowamynda arzanlaşyk bilen harytlary satyn almaga mümkinçilik döredýär. “Premium” derejä ýetmek üçin bolsa, aýyň dowamynda belli bir möçberde söwda etmek ýeterlikdir. “Gerekli” internet söwda meýdançasynda “Gerekli günüň” dowamynda diňe bir “Premium” derejä çykan müşderilere däl-de, eýsem, ähli müşderilere hem 50 göterime çenli arzanlaşyk bilen harytlary satyn almaga mümkinçilik döredilýär.