Ï Türkmen kompaniýasy «GÖRK» filament lampalarynyň täze görnüşlerini önümçiligine goşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompaniýasy «GÖRK» filament lampalarynyň täze görnüşlerini önümçiligine goşdy

view-icon 8452
Türkmen kompaniýasy «GÖRK» filament lampalarynyň täze görnüşlerini önümçiligine goşdy

«Abat şekil» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda öndürilýän «GÖRK» haryt nyşanly filament lampalary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň web-saýtynda habar berilýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen kärhanada filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Geçen aýda LED filament lampalarynyň täze, A-60, E-27 görnüşiniň öndürilip başlanmagy bilen, olaryň sany artdy.

Hytaýyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň her aýda 300-400 müň lampa öndürmäge mümkinçiligi bar. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary ulanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýigrimiden gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. «GÖRK» filament lampalary elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýär, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýar. Bu önüm taýýarlananda, adam saglygyna zyýanly metallar, goşundylar ulanylmaýandygyny aýratyn bellemek mümkindir. Ulanyş möhletiniň uludygy hem önümiň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Ol simapsyz bolup, ulanylan wagtynda daş-töweregine hiç hili zäherleýji maddalary bölüp çykarmaýar.