Ï Nury Halmämmedow Jemile Gurbanowanyň monografiýasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nury Halmämmedow Jemile Gurbanowanyň monografiýasynda

view-icon 9740
Nury Halmämmedow Jemile Gurbanowanyň monografiýasynda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

M. Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa — iki monografiýanyň, konserwatoriýanyň we sazçylyk mekdepleriniň talyplary üçin üç okuw kitabynyň, şeýle-de türkmen halk sazlary hakynda segsenden gowrak ylmy makalalaryň awtorydyr. Onuň monogarfiýalaryndan biri ХХ asyryň beýik kompozitory N. Halmämmedowa bagyşylanypdyr.

Biz Jemile Azymowna bilen duşuşyp, diňe sazandarlar üçin däl-de, eýsem ýönekeý okumyş adamlary gyzyklandyrýan bu ajaýyp kitabyň döreýşi hakda gürrüp bermegini haýyş etdik.

— 2003-nji ýylda Parižde Türkmenistan tarapyndan «Состязание» («Ýaryş») filimi wekilçilik eden kinematografiýa festiwaly geçirildi, men bolsa şol döwür Sorbonny uniwersitetinde stažirowka geçýärdym — diýip, Jemile Azymowna gürrüňini uzakdan başlady. — Maňa: «Iki günlük geçýän kinofestiwal döwründe öz ildeşim Bulat Mansurow üçin — ol nemes dilini bilýärdi, men bolsa iňlis...» dilmaç bolmagy haýyş etdiler.

Men milli eşigimi geýip, milli lybasymyň ýakymly duýgulary oýaran dürli dilde gepleýän konematografistleriň zenzeleli toparyna aralaşdym. «Состязание» («Ýaryş») filiminde Şükür bagşynyň dutarda çalýan sazlaryndan lezzet alyp, birnäçe gezek görüpdim. Ýöne bu gezek filmi dörediji bilen tomaşa etmek saza duýgurlyk hetdenaşa näzik bolup çykdy: joşguny geň galdyrýan, aklyňy haýran edýän, wagt-wagt simfoniki saza öwrülýän, bagşylaryň gyzyklandyryjy halk sazynyň inçe näzikligine düýpden berildi.

Resmi däl söhbetdeşlide Bulat Mansurow bu göçme manyly eserden gysga metražly filmi göz öňünde tutandygyny, ýöne Nury Halmämmedowyň getiren deňsiz-taýsyz sazlaryndan soň oňa eliniň barmabdygyny gürrüň beripdi. Sazyň zoruna doly metražly filmi montaž etmeli bolupdy.

— Size Nury Halmämmedowy birinji gezek görmek haçan miýesser edipdi?

— Çagalyk döwrüm. Meň kakam — umuman, bu kompozitoryň sazyny diňlän beýlekiler ýaly ýiti zehiniň muşdagy žurnalist Azym Ahmedow onuň bilen dostlaşypdy. Biz birek-birekden uzak bolmadyk 6-njy we 11-nji mikroraýonlarda ýaşaýardyk, Nury Halmämmedow bize ýygy-ýygydan gelerdi. Kakam onuň bilen bilelikde nämelerdir bir zatlary döretmek isleýärdi. «Görogly» operasy üçin libretto ýazmagy ündäpdi, ýöne, megerem Nury Halmämmedow bu opera taýýar däldi. Kakam hem Nury Halmämmedowdaky ýaly seýrek duş gelýän zehine emir etmgiň mümkin däldigine düşündi. Ol diňe ýüreginiň emri boýunça ýazýardy.

— Size Nury Halmämmedow hakynda monografiýa ýazmaga näme itergi berdi?

— Ilki bilen «Ýewropa we Nury Halmämmedowyň milli döredijiliginde sazlaşyk» diýen mowzukdan kandidatlyk dissertasiýasy boldy, ýogsada bu mowzugy kakam maňa ýndäpdi. Kandidatlyk dissertasiýasdyny goranymdan bir ýyl soň «Nury Halmämmedow» atly kitap peýda boldy. Maňa ol hakda diňe bir sazandalara däl, eýsem giň okyjylar köpçüligine gürrüň bermek höwesi döräpdi.

— Siziň monografiýaňyz resmi-çeper usulda ýazylypdyr. Siz okyjylary kompozitor Nury Halmämmedow, şeýle-de ýönekeý adam Nury Halmämmedow bilen, öz gezeginde taryhy gürrüň berip, bu ajaýyp adamyň hakyky keşbini açyp görkezmäge kömek edýan ýakyn dostlarynyň topary bilen tanyşdyrdyňyzmy? 

— Nury Halmämmedow hakda ýazmak lenç edilen mowzuk: ýetimçiligiň kyn çagalyk döwri, saza bolan ymtylyş we kompozisiýadaky haýran galdyryjy üstünlik — oň zehinine mynasyp bolmazdy. Ol beýlekiler ýaly dogulmandy, adaty bolmadyk hereketleri edipdi, umumy kabul edilen çäklerden çykypdy, dogrusy bularsyz geniler bolmaýarlar. Mysal getireýin: hemme sazandallaryň arzuwy bolan Moakwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýada okaýar, ýöne sebäpsiz sapaklaryny goýberen talyp Nury Halmämmedowy okuwdan boşatmak hakyndaky rektoryň stolunyň üstünde ýatan buýruk , eger oňa «Туркмения» simfoniki sýuitasynyň partiturasyny görkezmedik bolsalar şol pursat gol çekilerine garaşýardy. Notalara sereden rektor geň galyp seslenipdir: «Ine saňa zehin!» Beýik kompozitoryň durmuşynda şuňa meňzeş gülküli wakalar juda köp.

Şuňa meňzeş ýagdaýlara biz «Japbaklar» filiminiň konorejissýory Kakow Orazsähedowyň ýatlamalarynda-da duşýarys. Olar filimiň saz ýazgysyny etmek üçin Moskwa barypdyrlar, ýöne Nury Halmämmedow esasy sazy heniz ýazmandyr. Kakow bolsa hiç kimiň bimaza etmezligini isläp, ony myhmanhananyň bir otagyna salyp daşyndan gulplapdyr. Gaýdyp gelende bolsa otagda myhmanlaryň şowhunly toparynyň üstünden barypdyr. Kakow dawa-jenjel turuzmaga taýýar eken, ýöne umumy şagalaňyň arasynda birden Nury Halmämmedowda ylham joşguny peýda bolupdyr. Şeýdip ol hiç kime ünüs bermän, roýalyň başyna geçip, «Japbaklar» filimi üçin ajaýyp saz ýazypdyr.

— Meň göwnüme bolmasa Nury Halmämmedow bilen gatnaşan nakgaşlar, artistler, edebiýatçylar ýüzugra beýik kompozitpryň muşdagyna öwrülýärler. Oň dostlarynyň toparyny öwrenmek üçin, Siz, megerem köp işlemli bolan bolsaňyz gerek.

— Maňa Nury Halmämmedowyň aýaly Gülsoltan Gylyjowna kömek etdi. Geni üçin çendenaşa mynasyp jübüt — döwrebap, sabyrly, pähimli aýal. Oň hem kitapda üýtgeşik ýanýoldaşy hakda ýatlamalar bilen çykyş ederini islärdim, ýöne öz kiçigöwünliligine mhsus bolan ol oň şöhratynyň saýasynda galmagy makul bildi. Gynansagam Gülsoltan Gylyjowa ýaňy- ýakynda aramyzdan gitdi. Fotosuratlary we arhiw materiallaryny saýlaşmakda beren gymmatly kömegi üçin hakgaş Hajy Atakgaýewe tükeniksiz minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

— Monografiýa diňe bir Nury Halmämmedowyň ýa-da oň töweregindäki meşhur şahslaryň suratlary bilen däl-de, eýsem öz ajaýyp watandaşlarynyň keşbini janlandyran belli heýkeltaraşlaryň hem nakgaşlaryň işleri bilen bezelipdir.

— Gyzykly ýeri nakgaşlar Nury Halmämmedowyň portretini döretmek üçin dürlüçe çemeleşipdirler. Ýarly Baýramowda — egsilmez zehinini sowgat berýän erkli adam, Mämmet Mämmedowda — öz nobatdaky eserlerini komissiýa araalyp maslahatlaşýan wagty kellesini agaja dirän ynjyk adam. (Ol ajaýyp eserlerine beriljek baha hakda aladalanýar). Türkmen genisini Abdylla Abdyllaýew juda anyk janlandyrypdyr: ol Nury Halmämmedowa frak geýdirip, oň üstündenem egnine milli don ýapypdyr, şu usulda dünýä sazyny türkmen sazy bilen baglanyşdyrypdyr. Gynansagam, kitabyň üstünde işlenýän döwri, Nury Halmämmedowy şahyr Gurbannazar Ezizow bilen janlandyrýan surat ele düşmändi. Olar biraz soň ele düşdi. Maňa Nury Halmämmedowyň ýakyn dostunyň iki goşgusyny monagrafiýada ýerleşdirmek miýesser etdi.

— Jemile Azymowna monografiýaňyzy okap, Sizde uly edebiýat ukybynyň bardygyny bellemän durup bilmedim. Ýazyjy bolmaly ekeniňiz, Siz bolsa saz öwreniji bolupsyňyz. Bu nähili boldy? 

— Men çagalarda başlangyç saz üşüginiň hökmany döräýmeli sazandalar maşgalasynda doguldym. Respublikanyň sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölüminde okadym, haýsydyr bir pursatda fortepiano sazyndan irip, okuwy taşladym. Geçen bir ýylyň dowamynda maňa nämedir bir zadyň ýetmeýändigine düşündim we birinji sazçylyk mekdebine okuwa girdim. Soňra bolsa ussat sazandalaryň hemmesi ýaly : sazçylyk mekdebi, sungat inistituty ( Häzir konserwatoriýa), Heniz mekdepde okaýarkam türkmen we günbatar Ýewropa kompozitorlarynyň ykballary bilen gyzyklanýandygymy kesgitlän mugallymlarym maňa nutuklat üçin mowzuklary yzygiderli berýärdiler. Şeýlelik-de saz öwreniş hünärine bolan kär höwesi gözbaşyny uzakdan alyp gaýdýar. Sungat inistitutynyň ikinji ýylynda okaýarkam talyplary çalyşyp okatmak taslamasy boýunça, meni we meniň geljekki ýanýoldaşym Myrat Gurbanowy Almaata konserwatoriýasyna okuwa ugratdylar. Okuwy gutaranymyzdan soň bize konserwatoriýada galmagy teklip etdiler. Emma biz durmuşy Watansyz göz öňüne getirip bilemizokdyk, şoňa görä biz diplomly saz öwrenijiler Türkmenistana dolandyk.

Sazandarlar maşgalasynda däp bolşy ýaly, biziň çagalarymyz hem saz mekdebinde okadylar, ýöne oglum sazçylyk mekdebini gutarandan soň durmuşda özi üçin başga ýoly saýlady, gyzym bolsa sazçylyk mekdebinde gitaradan sapak berýär.

Saz öwreniş hünäri ejirli gözleg işlerini talap edýär, oňat edebiýata netijeler bermekde materialy işläp taýýarlamak juda peýdaly. Şonuň üçin Siz tarapdan bellenen edebi başarjaňlygym meň işimde kömek edýär.