Gadymy döwürlerden bäri, ak alaňly Garagum sähranyň giň ýaýlalarynda kowçum-kowçum oba bolup ýaşan pederlerimiz döwrüň özboluşly şertlerine görä mynasyp ýaşamagy başarypdyrlar.
Asly käri maldarçylyk bolup, bol suwly derýalardan, çasly akýan çeşmelerden, ýer astyndan çogup çykýan käriz suwlaryndan üzňe, Garagumuň tebsiräp ýatan gözýetmez sähralygynda mesgen tutunyp, özlerinden öň ýaşap geçen pederleriň miras goýup giden durmuş tejribelerinden ýerlikli peýdalanmagy başaran çarwalar hökmi güýçli, gyňyr tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, gün-güzeranlaryny bol-elin dolandyrypdyrlar. Gün-güzerany bol-elin dolandyrmagyň hem özüne ýeterlik hysyrdysynyň bardygy hemmelere mälimdir. Bu hysyrdynyň ilkinji şerti ýaşaýan ýeriňe görä suw bilen üpjün bolup, ikinji şerti bolsa azyk-owkatdyr. Çarwalaryň azyk-owkat baradaky meseleleri hakynda geljekki söhbetimizde gürrüň ederis. Söhbetimiz ilkinji nobatda ýaşaýşyň gözbaşy bolan suw hakynda gider.
Bol suwly akabalardan üzňe, mydama tebigatyň sahawatyna, asmandan ýagyn-ýagmyryň ýagmagyna garaşly bolan, guraksy sähranyň jümmüşinde mesgen tutunan sähra ilatyna güýz, gyş, ýaz paslynda, wagt-wagt tomus paslynda-da ygal ýagyp, kaklaryň dolmagy, az pursatlyk şatlyk getirse-de, kaklara ýygnanan suwlar bahym sadyr bolup, ulanyşdan galypdyr. Şu ýerde bir zady belläp geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Giň takyrlaryň ýakasynda gazylan kaklaryň häsiýeti iki hili bolup, birinjisi suw ýatyrgyç kaklar, ikinjisi bolsa şagla kaklar bolupdyr. Sähranyň takyrlyk ýerlerinde ýagyn suwunyň çöketliklere ýygnanyp, uly kaklary emele getiripdir. Ýene-de bir bellemeli zat, giň takyrlardaky suwlaryň çar tarapa agyp gitmezligi üçin öňüne böwet basylan kaklar hem bolupdyr. Bu kaklar guýma kak hem-de öňaldy kak diýlip atlandyrylypdyr. Emma bu çarwa halky diňe ýagyn suwy bilen oňňut edipdir diýildigi däldir. Sebäbi ýeri şagla bolan kaklardaky suwlar tiz siňýän bolsa, ýatyrgyç kaklaryň suwy wagtyň geçmegi bilen sadyr bolupdyr.
Belli bir derejede kaklardan peýdalanan çarwalaryň suw üpjünçiligi esasan guýular arkaly çözlüp, agyz hem mal suwy üçin ýaramlylaryndan ybarat bolupdyr. Iş ýüzünde guýular çarwalaryň dilinde aýtsak çyrla, dam-dam, golajy hem üdek görnüşinde atlandyrylypdyr. Giň takyrlaryň suw toplanýan ýerlerinden, çarwa ilatynyň eneke diýip atlandyrýan giň kaklary gazylypdyr. Eneke kaklaryň çar töwereginden guýular gazylyp, şol guýulara bolsa çarwa ilaty damla guýusy diýip at beripdir. Enekesi bolmadyk takyrlaryň ýakalaryndan gazylan guýulara çyrla guýy diýip at beripdirler. Çyrla guýularyň akaba çeşmeleri köplenç ýagdaýda ýerasty düýp suwlardan ybaratdyr. Bulardan başga-da pasyllaryň ygally gelen ýyllary takyrlaryň ýakysyndan sähra ilatynyň atlandyrýan üdek guýulary hem gazylypdyr. Üdek guýulary bir, bir ýarym duşak boýundan suw berip, ömri uzak bolmandyr. Şol sebäpli hem ony gazanlarynda çöwlük, örüm ýaly guýy enjamlary ulanylmandyr.
Çarwalaryň durmuşyndaky agzalyp, durmuş üçin wajyp bolan kaklar we guýular häzirem durmuşda ulanylyp gelinýär. Çünki ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler.