Ï Tomus paslyna taýýarlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tomus paslyna taýýarlyk

view-icon 7146

Daşoguz welaýatynyň Görogly etabyndaky «Döwür gurluşyk» hususy kärhanasy tomus paslynyň golaýlamagy bilen täze tagamly, dürli reňkli alkogolsyz içgileriň öndürilişini artyrmagy göz öňünde tutýar. Kärhananyň hünärmenleri çig maly we beýleki önümçilikde zerur bolan zatlary almak üçin daşdary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar. Bu bolsa isleg bildirilýän içgileriň hilini we önümleriň girdejiligini artdyrmaga mümkinçlik berýär.

Kärhananyň öndürýän «Döwür» haryt nyşanly alkogolsyz içgileri ýurdumyzyň günbatar sebitinde uly islegden peýdalanýar.

Kärhanada öndürilýän içgiler üçin esasy çig bolup hyzmat edýän agyz suwunyň hiline, onuň birnäçe gezek süzülip, gerekmejek goýundylarynyň aýrylmagyna uly üns berilýär. Bir ýylyň dowamynda kärhana 500 müň dekalitr içgileri öndürmäge ukyplydyr. Daşoguz welaýatynda hususy önüm öndürijileri, şol sanda alkogolsyz içgi öndürýänler welaýatyň ykdysadyýetiniň ösmegine öz saldamly goşnatlaryny goşýarlar. Welaýatda şeýle önümleri bilen alyjylaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ençeme kärhanalar hereket edýär.