Ï Türkmenistan – Ýaponiýa: netijeli gatnaşyklara otuz ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Ýaponiýa: netijeli gatnaşyklara otuz ýyl

view-icon 6803

22-nji aprelde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna otuz ýyl dolýar. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň telefonara gepleşiginde geçen ýyllaryň dowamynda ynanyşmak ýörelgesi esasynda özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ýörelgeleri ýetilendigii bellediler. Toplanan hakyky tejribelere daýanýan iki ýurt mundan beýläk-de syýasy gepleşikleri, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda we medeni-gumanitar ýörelgelerde ýakyn gatnaşygy berkitmäge ymtylýarlar.

2005-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Ýaponiýanyň, 2013-nji ýylyň maý aýynda Tokioda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine möhüm çelgi boldy. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň kuwwatly tolkuny ýokary derejedäki gatnaşyklara getirdi. Türkmenistanyň Prezidenti 2009-njy ýylyň dekabrynda we 2013-nji ýylyň sentýabrynda ýörite sapar bilen Ýaponiýada bolup, saparyň dowamynda ýurdyň ýolbaşçylary hem-de işewür toparlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda gepleşikler geçirdi, şeýle-de Imperator Akihito bilen duşuşdy. Türkmen döwletiniň BaştutanynyňTokiodaky iş saparlary BMG-niň 2015-nji ýyldaky «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» hem-de 2019-njy ýylyň oktýabryndaky Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak bilen bagly boldy.

Haçan-da döwletler arasynda ikitaraplaýyn 37 , şol sanda jemi bahasy 18 milliard dollardan gowrak gazy gaýtadan işleýji we himiki toplumlaryň häzirkizaman gurluşygyna degişli we beýleki taslamalara gol çekilen 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan ýörite sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy.

2021-nji ýylyň iýulynda Ýaponiýada tomusky ХХХII Olimpiýa oýunlarynyň dabaraly açylyş çärelerine gatnaşmak üçin görnükli türkmen wekilýetiniň iş saparyna, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. «Itochu Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Sojitz Corporation», «Marubeni Corporation», «Komatsu Ltd», «Kawasaki Heavy Industries» ýaly kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýaponiýaly işewürleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, taraplar söwda- ykdysadyýetiň häzirki we geljekki ýagdaýy hem-de iki ýurduň arasynda dowam edýän taraplaryň özara düşünişmek we ykdysady kuwwatynyň durnukly syýasy ýörelgeler arkaly yzygiderli berkeýändigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda Ýaponiýa kompaniýalarynyň gatnaşmagynda, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawod, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça toplum, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawody, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin (GTG) öndürýän zawod bolan taslamalry üstünlikli amala aşyrmakda toplanan tejribeleriň netijesinde, taraplar hyzmatdaşlygyň geljekdäki möhüm ugurlary, şol sanda, geljekde Kaspi, Gara we Ortaýer deňizleriniň suw giňişlikleri arkaly Orta we Uzak Gündogar sebitlri bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde iki tarapyňam peýdalanmagy mümkin boljak, häzirkizaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasyny Türkmenistanda gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýokary derejeli söwda-ykdysady we maliýe hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmäge ýardam edýän medeni- gumanitar gatnaşyklaryň öszşinde saklanýar. Geçen otuz ýylyň dowamynda günüň dogýan Ýurdynyň Ilçihanasy Türkmenistanda ýapon medenýetini aýratmakda— ýapon tagamlary bilen tanyşdyrmak, ýapon kinosynyň festiwaly, ikebanany (çemen baglamak sungaty) görkezmek, çaýhana we kimono (ýaponlaryň don görnüşli eşiginiň) dessurlary, ýapon gurjaklarynyň sergisi ýaly dürli-dürli çärelri geçirdi. 2017-nji ýylyň noýabr aýynda, iş tertibine, Ýaponiýanyň Tokio we Tendo şäherlerinde, ýurdymyzyň sungat we medeniýet ussatlarynyň, eşiklere we halylara salynan milli türkmen nagyşlarynyň , çap önümleriniň wekillik edýän ýöriteleşdirilen sergi, ýapon diline geçirilen «Şükür bagşy» filiminiň görkezilişi we Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dabaraly konserti girýän Türkmenistanyň medenýet günleri geçirildi.

2016-2017-nji okuw ýylyndan başlap ýurdumyzyň mekdeplerinde ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnama hereket edýär. Paýtagymyzyň 140-njy mekdebinde ýapon dili çuňlaşdyrylyp öwrenilýär. Bi iş Türkmenistanyň Milli bilim instituty we D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri inistituty bilen bilelikde alnyp barylýar.

Şu ýylyň fewral aýynda ýapon dilini öwrenmek üçin enjamlary gowşurmak boýunça şertnama gol çekmeklik dabarasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamamoto häzirki wagtda 200-den gowrak talybyň ýapon dilini öwrenýändigini we olara ýapon mugallymlarynyň 10-synyň sapak berýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrlyş dabarasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamamoto Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň otuz ýyllygy 2022-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde geçiriljek Aziýa-Ýuwaş okean suw giňişliginiň dördünji sammitinde bellener. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýapon hökümetiniň baştutanyndan bu wajyp çärä gatnaşmaga ýörite çakylyk aldy.