Ï Gaznanyň sowgatlary – çagalaryň bagtyýarlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaznanyň sowgatlary – çagalaryň bagtyýarlygy

view-icon 4473

Ýaňy-ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde eşitmek we ýöremek ukybyndan mahrum bolan howandarlyga mätäç çagalara häzirkizaman tehnologiýalary esasynda öndürilen lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Olar Şweýsariýa döwletiniň önümleri – «Phonak» atly eşidiş enjamlary we maýyplar üçin arabalardyr. Merkeziň gulak-burun-bokurdak lukmany Anwar Çaryýewiň aýtmagyna görä bu enjam daşky sesleri beýnä alyp berýär. Çaganyň eşitmek ulybyny dikeltmek maksady bilen öndürilýän bu sanly eşidiş enjamy gulaga dakylandan soňra, oňa ýörite programma ýüklenýär. Programma her çaganyň eşidiş ukybyna laýyk sazlanýar. Şeýlelikde, enjam beýniniň eşidiş analizatorlaryna ses alyp berýär we çaga sesleri doly eşidip başlaýar. Çaga sesleri kabul edip başlandan soňra, gürläp bilmek ukybyna hem eýe bolýar.

Ömründe ilkinji gezek eşitmek ukybyna eýe bolan çaganyň, olaryň hossarlarynyň begenjini we buýsanjyny tolgunman synlamak mümkin däl. Lebap welaýat mümkinçilikleri çäkli çagalaryň saglygyny bejeriş we dikeldiş toplumynda terbiýelenýän Alihan Jumamyradowyň ejesi Dilaram Döwletowa öz buýsanjyny şeýle şeýle beýan edýär:

― Biziň mähriban perzendimize sowgat berlen bu gymmat bahaly enjam maşgalamyzy uly bagta besledi. Oglumyz bu sowgadyň hasabyna ömründe ilkinji gezek eşitmek ukybyna eýe boldy. Oglumyzyň geljegine, ykbalyna ak ýol açan bu sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tutuş maşgalamyzyň adyndan sag bolsun aýdýarys.

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezininiň newropatolog lukmanynyň bellemegine görä, täze gelip gowşan arabalar çagalaryň ulanmagy üçin örän amatlydyr. Olar bu arabalaryň üsti bilen öz hereketlerini dolandyryp, şol bir wagtyň özünde-de hereket ediş ukyplaryny ösdürip bilerler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sahawatly işleri raýatlarymyzda çuňňur hoşallyk duýgularyny döredýär. Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, eýýäm bu gazna tarapyndan welaýatlarymyzdaky çagalar hassahanalaryna kämil lukmançylyk enjamlary oturdylan «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň onlarçasynyň operasiýa edilip, saglyklaryny dikelmekleri, nesilleriň geljegi üçin ak ykbala öwrülen bu gaznanyň mukaddes işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.