Ýaş türkmen kompozitory, M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Sazçylyk ýörite mekdep-internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýew golaýda Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad oblastynyň Gurýewsk şäherinde wideoýazgy görnüşde geçirilen Alemdar Karamanow adyndaky V Halkara bäsleşiginiň baýragyny eýeledi.
Medeni çäräni A. Karamanow adyndaky Häzirkizaman sungatyny goldamak we ösdürmek merkezi, Gurýewsk munisipal dolandyryş okrugynyň Medeniýet, ýaşlaryň işi, syýahatçylyk we sport müdirligi, şeýle hem A. Karamanow adyndaky Çagalar sungat mekdebi guradylar.
Bäsleşik «Solo fortepiano», «Fortepiano ansambly», «Ansambl sungaty», «Akademiki solo wokal», «Solo kirişli saz gurallary», «Solo üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Konsermeýster sungaty», «Aýdym-saz-pedagogika ussatlygy», «Kompozisiýa», «Kompozitor-sazanda» ugurlaryndan geçirildi.
Döredijilik bäsleşigine Russiýanyň dürli şäherlerinden, alys we ýakyn ýurtlardan alty ýaş tapgyryndan sazandalaryň we kompozitorlaryň ençemesi gatnaşdylar. Ýeňijileri emin agzalary ̶ Russiýa Federasiýasynyň esasy sazçylyk ýokary okuw mekdepleriniň tanymal professorlary, şeýle hem Wiarejio Uniwersitetiniň (Italiýa) professory Antonio Agostini kesgitlediler.
Ildeşimiz Kerim Jumagulyýew «Kompozisiýa» ugrundan çykyş edip, eminler toparyna kirişli saz gurallary orkestri üçin «Pizzicato», organ üçin «Tokkata», kirişli saz gurallary kwarteti üçin «Exclamation» («Ýüzlenme»), simfoniki orkestr üçin «Wals-feýerwerk», saksofon, alt we türkmen halk saz gurallary üçin «Gözleriň», skripka, klarnet, nagara we kamera orkestiri üçin «Bagtyýarlyk tansy» eserlerini, solist, garyşyk hor we estrada- simfoniki orkestri üçin «Gözel Aşgabat» aýdymyny hödürledi.
Bu eserleriň ählisi, awtoryň zehininiň dürli ugurlaryny, häzirki zaman kompozitorynyň tehniki we çeperçilik serişdelerini ulanyşyny özboluşly açyp görkezýär.
Ýiti dissonantly, äheňi boýunça juda ekspressiw «Exclamation» pýesasy ekspressionst kompozitorlaryň adamzat köňlüniň gapma-garşylykly duýgularyny beýan etse, joşgunly, şadyýan, inçe «Wals-feýerwerk» ýewropa tansyna gündogar äheňlerini salýar.
Kompozitor «Tokkatada» ýewropa barokko döwrüniň ýörgünli organ sazy žanrlary bilen türkmen dutaryna mahsus tokkatalygyň arasynda galtaşyk nokatlaryny tapýar. Kirişli saz gurallaryndan ses almagyň özboluşly tilsimli «Pizzicato» orkestr miniatýurasynda awtoryň we sazandalaryň öňünde has çylşyrymly çalyş tilsimleri goýýar.
«Bagtyýarlyk tansynda» gündogar halk saz gurallary goşulan ýewropa görnüşli nusgawy orkestriň tembr koloritiniň baýlaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylan çeperçilik usuly -- täze owaz röwüşleri göze ilýär. «Gözleriň» we «Gözel Aşgabat» eserlerinde sazanda-kompozitor Kerim Jumagulyýew wokal görnüşli çeper kantilenany we melodikany döretmek wezipesine hötde gelipdir.
Eminler zehinli tükmen kompozitoryny II baýrak we «Kompozitorçylyk döredijiiliginde milli ýörelgeleri beýan edenligi üçin» Ýörite baýrak bilen sylaglap, onuň zehinine mynasyp baha berdiler. Kerim Jumagulyýewiň sazda milli ýörelgeleri we akademiki sazy özboluşly utgaşdyrmagyny bäsleşigiň guramaçylary geljegi uly döredjilik ugry diýip bellediler. Bu ýoluň dowam etdirilmegi milli ýörelgeleriň häzirkizaman awangard kompozisiýa tilsimleriniň sintezinde täze ideýalara getirip biler.
Tanymal türkmen kompoztory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň şägirdi Kerim Jumagulyýewiň bäsleşikde gazanan ýeňşi onuň döredijiliginde şanly wakadyr. Bu bäsleşikde toplan tejribesi ýaş kompozitora täze hünär belentliklerine ýetmäge we türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň abraýyny alys illerde ýene belende götermäge mümkinçilik berer.