BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamana berildi.
Bu barada sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Hasabatyň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy.
Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk eden bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we köpugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz beýan edilen habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işi ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we döwrebap tehnologiýalary ulanyp, mundan beýläk-de dowam etdireris. Bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusga alarlyk ýörelgä öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary tarapyndan berlen bu güwänamanyň halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidigini ýene-de bir gezek belledi.