Ï ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

view-icon 4602
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýylyň meýilnamasynda ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň bu halkara resminamany tassyklamak baradaky degişli Karary kabul etmeginiň ähmiýetini bellediler. Munuň özi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki özara gatnaşyklara ýardam berer.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, şeýle-de 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda, birinji çärýekde alnyp barlan işler barada habar berildi. Şunda ýylyň başyndan bäri ÝUNESKO we Tährandaky, Almatydaky, Bangkokdaky sebit edaralarynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, bellenilen döwürde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyny hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça işler dowam etdirildi. Hususan-da, 2023-nji ýylda maddy däl medeni mirasyň abraýly sanawyna girizmek üçin ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraply hödürnama, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” transmilli taslamasynyň taýýarlanylandygy hem-de iberilendigi bellenildi.

Mejlisde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras — geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Häzirki döwrüň ýaşlarynyň ekologiýa sowatlylygy we medeniýeti” kafedrasyny döretmek baradaky resminamalaryň taýýarlanylandygy we iberilendigi nygtaldy.

Çykyşlarda ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti, milli hem-de dünýä gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ygrarlydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky habar diňlenildi. Şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler, meýilleşdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklarymyzy geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzyň hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ady agzalan Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň arasyndan birnäçesini saýladylar. Şunuň bilen baglylykda, «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaý» taryhy-medeni goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň milli topary Özbegistan Respublikasyndaky kärdeşleri bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça milli hödürnamany işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu resminamany ylmy-barlag we maglumat taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri Uly landşaftlary gorap saklamak merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Toparyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda döredilen “Adam we biosfera” maksatnamasy boýunça Düzgünnamasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Mundan başga-da, mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin edaralarynda ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly taslamalarda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we maglumatlary alyşmak ýaly möhüm meselelere garaldy.