Ï Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama 20 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama 20 ýyl

view-icon 5509

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň şu ýylda 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasyny dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine iberen hatynda belleýşi ýaly, geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýady döredýändigini aýdyň görkezýär. Türkmen döwletiniň Baştutany Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge degişli sebit hem-de dünýä meselelerinde garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, 2002-nji ýylda gol çekilen Şertnamanyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarda täze tapgyra badalga berendigini, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça hil taýdan has-da ösdürmek üçin oňyn şertleri döredendigini nygtady. Prezident Wladimir Putin bilelikdäki tagallalar arkaly Russiýa — Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň üpjün ediljekdigine, munuň, gürrüňsiz, halklarymyzyň düýpli bähbitlerine, Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegine kybap gelýändigine ynam bildirdi.

Türkmen-rus gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini öz içine alyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Ynsanperwer ulgamda, ylym-bilim, medeniýet hem-de sungat ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul edendigini bellemek gerek. Myhman öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabatda iş sapary bilen boldy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe ulgamlar bilen birlikde, esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Ýurtlaryň ikisinde-de ösdürilmegine we höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän sport ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge zerur şertleriň bardygy nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, biz doganlygyň we halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň ozaldan gelýän däplerine, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyna daýanýarys. Bu bolsa hyzmatdaşlyk, ählumumy we sebit derejesindäki möhüm meselelerde özara düşünişmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine iki döwletiň çuňňur gyzyklanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygy esasynda soňky ýyllarda iri taslamalaryň birnäçesine badalga berildi. Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi. Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, energetika, oba hojalyk pudaklary we beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şunda Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-russiýa sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine-de garaldy. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyga Russiýanyň iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, dostlukly ýurduň beýleki sebitleri işjeň goşuldylar. Şunuň ýaly göni gatnaşyklar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň has möhüm ugurlaryny, döwletara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň ýollaryny anyk kesgitlemäge ýardam edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan we Russiýa hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, milli bähbitleri, iki dostlukly ýurduň hem-de halkyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar.