Ï Gadyr gijesi – nur gijesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadyr gijesi – nur gijesi

view-icon 20923
Gadyr gijesi – nur gijesi

Her ýyl bollşy ýaly mukaddes Remezan aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza özüniň kerem-keramaty bilen gelýär. Däp bolşy ýaly Gadyr gijesi adamlar birek – birege bolan gatnaşyklarynda hemişekilerinden-de has mylakatly bolmaga ýykgyn edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow päkligi, ynsanperwerligi, haýry hem-de sahawatlylygy dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli halkymyzy gutlady.

Gadyr gijesiniň sahawty barada aýtmaly bolsa, onda il­kin­ji no­bat­da mü­bä­rek gi­jäniň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan gü­nä ge­çiş­lik çä­re­siniň ge­çi­ril­me­gi­dir. Bu asyl­ly däbe eýerip ýaňy ýakynda, ýagny 22-nji aprelde, sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gadyr gijesiniň öň ýanynda 514 raýa­ty tus­sag­lyk­dan bo­şat­mak ba­ra­daky Per­ma­na gol çek­di.

Gadyr gijesinde tagat-ybadatlar, dileg-dogalar edilip, agzaçar sadakalary berilýär. Her bir ojakda ýurdumyzyň parahat, ilimiziň abadan, hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edilýär.

Gadyr gijesinde edilýän dilegler, berilýän sadakalar kabul bolsun!