Ï «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany – türkmen haryt öndürijileriniň milli brendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany – türkmen haryt öndürijileriniň milli brendi

view-icon 6318
«Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany – türkmen haryt öndürijileriniň milli brendi

Ýakyn wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça çäreler alnyp barylýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.

Türkmenistan halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň söwda ulgamyny we telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň gerimli işleriň geçirilendigini hem-de uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Swetlana Çirsowa