mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy

view-icon 2297
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy

«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört toparyň gatnaşmagynda Jiddada (Saud Arabystany) geçirilýän iki aýlawly ýaryşda Kataryň «Al-Garafany» utup, taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandylar.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň Aziýanyň toparlar abraýly şu ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edip, ilkinji oýunda 2015-nji AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykan, Dubaýdan BAE-niň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi «Şabab Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnandygyny ýatladýarys. Soňra ol dört gezek: «Al-Garafa» bilen birinji oýunda 0:2, Eýranyň «Fuladyndan» iki gezegem 0:1 we «Şabab Al-Ahli» bilen ikinji oýunda 1:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň hüjüm guraýjy ýarym goragçysy Resul Hojaýew oýundan öňki metbugat maslahatynda toparyň ýeňşe höweslidigini belledi.

Ol: – «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyna ilkinji gezek gatnaşýar, şol sebäplem biziň üçin ýaryşy ýeňiş bilen jemlemegiň ähmiýeti uludyr.

2021-nji ýyldan bäri «Al-Garafa» toparynda baş tälimçi bolup işleýän italiýaly hünärmen Andrea Stramaççoni hem öz oýunçylaryny ýeňşe höweslendirýärdi.

Ol: – Biz oýnuň esasy duşuşyk däldigine gowy düşünýäris, şeýle-de bolsa, ýaryşy has gowy jemlemek üçin elden gelenini ederis.

«Ahal» hasaby çalt açdy. 9-njy minutda Arslanmyrat Amanow «Al-Garafanyň» goragçysy Al-Haj öz jerime meýdançasynda pökgini eli bilen saklanlygy üçin bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs urdy.

Arakesmä 10 minut galanda Moaed Hassan Sufian Hanni depen pökgüsini jerime meýdançasynyň çäginden derwezä gönükdirip hasaby deňledi – 1:1. 38-nji minutda Abdy Bäşimowyň meýdançanyuň sag gyrasyndan depen pökgüsi goragça degip, Mirza Beknazarowa düşdi, onuň urgysy dürs boldy.

70-nji minutda Mostafa Essamyň jerime meýdançasyna Resul Hojaýewi ýykanlygy üçin bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny ýene Arslanmyrat Amanow dürs urdy.

Sondan 10 minut geçensoň Arslanmyrat üçünji gezek tapawutlanyp, AFK-nyň Çempionlar ligasynda bir oýunda üç pökgi geçiren ilkinji türkmenistanly oýunçy boldy. Şu güne çenli A.Amanow 4 gol salyp, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-de bombardirleriň sanawynda dördünji orna düşdi.

Oýnuň esasy wagtyna goşmaça wagtyň 3-nji minudynda iki duýduryş kartoçkasyny alan Serdar Geldiýew meýdançadan çykarylandan soň «Ahal» azlykda oýnady. Goşmaça wagtyň 4-nji minudynda Sufian Hanni 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, aratapuwudy iki pökgä ýetirse-de, katarly topara netijäni has gowulandyrmak başartmady.

Ýurdumyzyň ozal ýedi gezek çempiony bolan we Kataryň emiriniň Kubogyny eýelän topary utan «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji çykyşyny 4 utuk bilen jemledi.

Oýundan soňky metbugat maslahatynda Türkmenistanyň wise-çempionynyň baş tälimçisi Röwşen Muhadow AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky taryhy ýeňşiň klub we oýunçylar üçin sport ussatlygyny ösdürmäge itergi boljakdygyny belledi.

R. Muhadow: – Oýunçylarymyzy gutlaýaryn. Bu olar üçin gowy synag boldy. Biz tejribe toplamagy we has güýçlenmegi maksat edinipdik. Biz her oýny seljerip, kem-kemden oýnumyzy gowuladyk. Geljekde AFK-nyň Çempionlar ligasyna has güýýçli we tejribeli klub hökmünde dolanjakdygymyza umyt baglaýaryn.

 «AA»-nyň habarçysy