Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimizi Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
«Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn» – diýip döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatda bellenilýär.
Mongoliýanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegi hem-de ösdürmegi işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi.
«Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin» – diýip Mongoliýanyň Prezidenti hatynda aýratyn üns çekdi.