Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamanyň, komitetiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini, komitetiň merkezi edarasynyň işgär sanynyň möçberini we degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.