Ahal welaýatyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligi döredildi.
Ahal welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň gurluşynyň taslamasyny, häkimligiň işgär sanynyň möçberi baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.