Ï Türkmen – italýan hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen – italýan hyzmatdaşlygy

view-icon 6147
Türkmen – italýan hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň köp barylýan sebitleriniň biri Wenetonyň gubernatorynyň edarasy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk türkmen diplomatynyň geçen ýylyň noýabr aýynda bu sebitiň gubernatory Lukoý Dzaýa bilen Wenetoda bolan duşuşygynda başlanan dialogyň dowamy boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň we Wenetonyň söwda-ykdysady edaralarynyň we işewür topalaryň gatnaşmaklarynda geljekde geçiriljek biznes-forum bilen baglanşykly meselelere gönükdirildi.

Biznes-forum baradaky maslahatda özara taraplar esasan gyzklandyrýan ugurlar bolan - dokma pudagyny, senagaty we oba hojalygyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydygyny bellediler. Hususan hem dokma pudagynda önümleri öndürmek we täzeden işlemek üçin Italiýanyň häzirkizaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynyň infrastrukturasyny döretmek, şeýle hem sowadyş senagatyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler barada durlup geçildi.

Weneto Italiýanyň iri ykdysady we ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokary sebitleriniň biridir. Ol özboluşly täzeçil biznesi, ösen senagat we oba hojalyk pudagy, maşyngurluşyk, azyk we ýeňil senagaty bilen meşgurdyr.