mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda kiberbäsleşigi geçirilýär

view-icon 1698
Türkmenistanda kiberbäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web-saýtynda maglumat howpsuzlygy boýuça «Kiberbäsleşik» çäresini geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramak, kiberhüjümleri ýüze çykarmak, duýdurmak, olaryň öňüni almagy başarýan hünärmenleriň kiberhowpsuzlyk babatynda bilim derejelerini ýokarlandyrmak we bu ugurda ýaş hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanda maglumat howpsuzlygy “Kiberbäsleşik” çäresine Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hünärmenleri, işgärleri, professor-mugallymlary we talyplary gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda her ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda üç ýagny, edara ara, toplum ara, umumydöwlet tapgyrlarda geçirilýär.