Ï Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzular ösdürime göýberilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzular ösdürime göýberilýär

view-icon 4675
Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzular ösdürime göýberilýär

Lebap welaýaynyň maldarlarynyň dowarlaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen çekýän tutanýerli zähmeti özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ýylyň ýylyna bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň maldarlary üstümizdäki ýylda hem owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, göz öňünde tutulan 69 müň 83 owlak-guza derek, 69 müň 211 sany owlak-guzy almaklygy başardylar we bu baradaky meýilnamany irki möhletlerde artygy bilen amal etdiler. Welaýat boýunça dowarlaryň baş sany şu ýylyň aprel aýynyň 1-indäki maglumatlara görä 210 müň 744-e barabardyr. Şu möwsümde alnan owlak-guzularyň ählisiniň ösdürime goýberilmegi, olaryň sagdyn kemala gelmekleri üçin hünärmenler, weterinar lukmanlar we çopanlar tarapyndan edilýän yzygiderli aladalar mallaryň baş sanynyň ep-esli artmagyna getirer. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelnip, dowarlaryň dok gyşladylmagy, şeýle hem ýylyň ygally gelip, ýaýlalarda otuň ir ýetişip, bol bolmagy maldarlaryň aladalary bilen utgaşyp, ösdürime goýberilen owlak-guzularyň sagdyn kemala gelmeklerine ýardam edýär.

Maldarlaryň gazanan üstünliklerinde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Çärjew etrabyndaky “Serdar”, Döwletli etrabyndaky “Tallymerjen”, Köýtendag etrabyndaky “Köýtendag” maldarçylyk hojalyklarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny belläp geçmek möhümdir.

Welaýatyň düýedarçylyk hojalyklary hem üstümizdäki ýylda gowy netijeler gazandylar. Olar şu möwsümde göz öňünde tutulan 442 köşege derek 450 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirmekligiň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda köşekler weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylyp, sagdyn kemala gelýärler.

Welaýatyň maldarlarynyň gazanýan zähmet üstünlikleri Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk boýunça bölüminiň we maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri tarapyndan işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, şeýle hem çopanlaryň tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir.