mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ezizmuhammet Sähedow ýaýdan ok atmakda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordyny täzeledi

view-icon 3242
Ezizmuhammet Sähedow ýaýdan ok atmakda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordyny täzeledi

Aşgabadyň çempionatynda 27-nji mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow ýaşy 15-den uly bolmadyklar ýaş toparynda ýaýdan ok atmakda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordyny täzeledi. Ol nusgawy ýaýdan 18 metrden ok atmakda mümkin bolan 600 utukdan 590 utuk toplap, dört ýyl mundan ozal Selim Hajyýewiň goýan rekordyny 12 utuk ýokarlandyrdy.

Ezizmuhammet çagalykdan ýaýdan ok atmak bilen meşgullanyp başlady. Sebäbi onuň kakasy Wepa Sähedow Türkmenistanda sportuň şu olimpiýa görnüşi Milli federasiýasynyň başlygy.

– Ezizmuhammet 7 ýaşdan ýaýdan ok atmak bilen meşgullanyp başlady – diýip Wepa Sähedow gürrüň berdi.- Bir ýyldan soň ol eýýäm ýetginjekleriň arasynda ýurt çempionatynda öňe saýlandy. 2016-njy ýyldan bäri öz ýaş toparynda hemişe Türkmenistanyň çempiony bolup gelýär.

14 ýaşly Ezizmuhammet halkara ýaryşlarynda-da ýeňiş gazandy. 2017-nji ýylda Antalýede (Türkiýede) geçirilen ýaryşda ol ýaşy 10-a çenli ýaýçylaryň arasynda altyn, 2019-njy ýylda ýaşy 12-ä çenli türgenleriň arasynda bürünç medal eýeledi.

Häzirki wagtda Ezizmuhammet Sähedow ýaşy 17-ä çenli türgenleriň arasynda çempion bolan Orazjemal Meredowa bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 27-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda Wladiwostokda geçiriljek «Aziýa çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna taýýarlyk görýär.