Ï Ýurdumyzda Oraza baýramynyň hormatyna Baýram namazy okaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Oraza baýramynyň hormatyna Baýram namazy okaldy

view-icon 7906

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda paýtagtymyzda aýlaryň ýagşysy hasaplanylýan mübärek Remezan aýynyň tamamlanmagynyň hormatyna Baýram namazy okaldy. Milli senenamamyzda Oraza baýramy hökmünde möhüm orun eýeleýän bu sene halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelere we ýagşy dessurlara ygrarlydygyny aňladýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde Oraza baýramynyň hormatyna okalan Baýram namazy mähriban halkymyz üçin ähmiýetli bolan dessur çäreleri bilen utgaşdy.

Ir säher bilen adamlar metjitlere ýygnanyp, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we mübärek Oraza baýramy bilen gutladylar. Şeýle hem Remezan aýynda berjaý edilen amallaryň, berlen agzaçar sadakalarynyň we doga-dilegleriň kabul bolmagy dileg edildi. Hezreti Omar metjidinde Baýram namazy başlamazdan öňürti oňa gelen adamlar metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler. Munuň özi ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrülen däp-dessurlara aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň müftüsi Baýram namazynyň öňüsyrasynda mähriban Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” ýaly bölümlerinden parçalary, paýhasly jümleleri okady.

Soňra metjide ýygnanan märeke agzybirlikde Baýram namazyna durdylar. Onda okalýan aýat-töwürleriň üsti bilen mähriban Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly dileglere aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň beýleki metjitlerinde Baýram namazy mynasybetli geçirilen dessurly çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyndan dini we dünýewi düşünjeler baradaky maglumatlar okaldy.

Baýram namazynyň ahyrynda türkmen halkynyň taryhy ýolunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň barha rowaç almagy we ýurdumyzyň parahatçylygy, abadançylygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Şeýle hem asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň dowamata atarylmagy Oraza aýynyň sahabatly günlerinde we Baýram namazy pursatlarynda edilen tagat-ybadatlaryň, berlen sadakalaryň, halkymyzyň agzybirligi, mähriban Watanymyzyň berkararlygy dileg edilip okalan doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.