Ï Ýaş zehinleriň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş zehinleriň konserti

view-icon 4324
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
Ýaş zehinleriň konserti
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Aprel aýynyň soňky güni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly zalyna nusgawy we häzirki zaman sazlarynyň muşdaklary bu ýerde bilim alýan zehinli oglan-gyzlaryň ýyllyk hasabat konsertine tomaşa etmäge ýygnandylar.

Mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň halk artisti Berdinyýaz Babanyýazow tomaşaçylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Konsertde dirižýor Meret Muhammetgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr D.Öwezowyň kompozisiýasyny we Berdinyýaz Babanyýazowyň Şirinjemal Dolyýewanyň sözlerine döredilen «Parla, baýdak!» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Soňra Tirkişgeldi Daňatarowyň hem Çarymyrat Orazmämmedowyň sazandarlygynda mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meretmyrat Bäşimgeldiýew dutarda Hudaýguly Allamyradowyň sözlerine Ata Ablyýewiň «Dostum sen» aýdymyny aýtdy.

Meýlis Artykowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandarlyk etmeginde 11-nji synp okuwçylary Adylşa Tagandurdyýew we Ogulgözel Nemetowa kompozitor Rejep Rejebowyň şahyr Ata Atajanowyň sözlerine «Söýgi aýdymyny» aýtdylar. Ady agzalan orkestr Jeren Gurbangylyjowanyň we Ýolaman Nurymowyň konsertiniň 1-nji bölegini ýerine ýetirdi. 

Tomaşaçylara ussatlygyny görkezmek nobaty Yhlas Şatlykowa ýetdi. Ol 7-nji synp okuwçysy Sähetnazar Garaýew bilen bilelikde «Begler» atly halk aýdymyny aýdyp, mylaýym labyzly sesleri bilen diňleýjileriň göwnüni tapdylar. 

Konsertde daşary ýurt kompozitorlarynyň hem eserleri ýaňlandy. Gülnara Babanyýazowa bilen Wera Anfaýlowanyň ýolbaşçylygyndaky akkordeonçylar ansambly ilki bilen amerikaly kompozitor Çarlz Manýanteniň «Akkordeon üçin bugilerini» ýerine ýetirdi. 

Konsertiň 1-nji bölüminde Çarymyrat Orazmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky 20 dutarçydan ybarat ansamblyň çalan «Atçapan» sazy tomaşaçylary biparh goýmady.

Konsertiň 2-nji bölüminde Berdinyýaz Babanyýazowyň, Adel Garaýyň, Çary Nurymowyň, Frederik Şopeniň, Sergeý Rahmaninowyň we Kerim Jumageldiýewiň eserleri ýaňlandy.

Hasabat konsertinde ýerine ýetirilen otuza golaý eseriň her biri sazçylyk mekdep-internatyň mugallymlarynyň taýýarlan konsertine özboluşly bezeg berdi.

Agşamyň ikinji ýarymynda sahna çykan has ýaşajyk okuwçylaryň çykyşlary bellemäge mynasypdyp. 4-nji synp okuwçysy Seýitgeldi Aşyrowyň ksilofonda çalan sazy şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklendi.

Tomaşaçylar mekdebiň «Güneş» çagalar horunyň çykyşyna-da ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Ödeniýazowanyň we Aknur Hojanyýazowanyň ýolbaşçylygyndaky horuň oglanjyklary we gyzjagazlary meşhur aýdymlarynyň biri «Ajap alys» we Daňatar Öwezowyň tanymal «Waharman» aýdymlaryny labyzly ýerine ýetidiler.

Oktaý Najafowyň ýolbaşçylygyndaky klarnetçiler ansamblynyň mekdebiň horeografiýa bölümi bilen bilelikde taýýarlan çykyşy hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Olaryň sazandarlygynda tansçylar Georgiý Swiridowyň meşhur «Walsyny» ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ahyrynda onuň guramaçylary isleg bildirýänleri 4-nji maýda sagat 16-da Ýörite sazçylyk mekdebinde geçiriljek nobatdaky saz agşamyna çagyrdylar.