mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Maý aýynyň başy ygally bolar

view-icon 1785

Ýurdumyzda ýakyn günlerde bulutly, ygally, 35-a gradusa çenli maýyl howa bolar diýlip çaklanylýar.

Aşgabatda käte açyk, bulutly, gündizlerine +20…+22, gijelerine +14…+16 gradus maýyl howa bolar. Hepdäniň dowamynda howa +28 +30 gradusa çenli maýlar. Dynç günleri ýel bolmagy hem az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda ümürli we ygally, gündizlerine +20…+25, gijelerine +13…+18 gradus maýyl howa bolar. Hepdäniň ahyrynda howa +32 gradusa çenli maýlar. 

Balkan welaýatynda käte açyk, bulutly howa bolar. Hepdäniň başyna gündizlerine +24…+29 gradus, gijelerine +13…+18 gradus maýyl, şemally howa garaşylýar. Dynç günleri ümürli we +18…+23 gradusa çenli salkyn howa bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda esasan açyk howa bolar. Gündizlerine +21…+26 gradus, gijelerine +15…+20 gradus maýyl howa bolar. Dynç günleri ümürli  +28…+35 gradus maýyl bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, gündizlerine +23…+28, gijelerine +16…+21 gradus maýyl bolar. Dynç günleri ümürli bolsa-da 35 gradusa çenli maýyl howa bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly, käte ygally howa bolar. Hepdäniň başynda +18…+23, gijelerine +13…+18 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar. Dynç günlerine ümürli, ortaça +27…+32 gradus maýyl howa bolar.