Ï Ýüpekçileriň ýazky aladalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýüpekçileriň ýazky aladalary

view-icon 5898
Ýüpekçileriň ýazky aladalary

Daşoguz welaýatynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň ýokary hasylyny almak üçin ýüpek gurçuklarny iýmitlendirmäge girişildi. Tebigi şertlere görä welaýatda bu jogapkärli işe beýleki sebitlere garanyňda giç başlanýar.

Baglaşylan şertnama görä, möhüm çig maly öndürijiler ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün edildi. Ýüpek gurçugynyň tohumlaryny amatly şertlerde iýmitlendirmek üçin ähli gaýragoýulmasyz çäreler görüldi. Ýokary üstünlikler gazanmak üçin, ýüpekçiniň ýeterlik taýýarlygynyň wajyp täsiriniň bardygy nazara alnyp, imitlendiriş otagynda ýylylyk we çyglylyk kadalarynyň sazlaşygy, howanyň çalşygy we ýagtylyk, ýüpek gurçugynyň keseline garşy geçirilýän çäreler göz öňünde tutuldy.

Diýarymyzyň demirgazyk sebtinde şu ýyl bäş ýüz tonna pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 184 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär, Görogly we Gurbansoltan eje adyndaky etraplar bolsa 80 tonna pile tabşyrmagmaga göz öňünde tutdylar.

Welaýatyň ýüpekçileri bellenilen maksada ýetmek üçin, iýmitlendiriş kadasyny yzygiderli kämilleşdirmek we pile taýýarlamakda önümçilik usullarynyň täsirliligini giňden ornaşdymak baş sebäpleriň biri diýip hasaplaýarlar.

Daşoguz welaýaty hemme gerekli şertlere baý bolup, şol sanda ýüpekçiligi yzygiderli ösdürmekde hem geregiçe çig mala baýdygyny bellemek gerek. Şu günki gün sebitde umumy meýdany iki müň gektardan gowrak ýerde pile öndürmekde gerekli bolan tutlara ýokary derejede ideg edilýär.