Ï “Sagdyn jemgyýet berkarar döwlet” atly duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sagdyn jemgyýet berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi

view-icon 5455
«Sagdyn jemgyýet berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän sagdyn durmyş ýörelgesine eýerip Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, ýurdumyzyñ hormatly il ýaşulularynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” diýen şygar astynda geçirildi. 

Duşuşyga institutyň professsor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onuň dowamynda myhmanlar Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2022-nji ýylyň 1-maýyndan 31-nji maý aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy esasynda guralan bu çärede ýaşlarymyzy zyýanly endiklerden daşda saklamak we sagdyn bedenli sagdyn ruhly ýaş nesili kemala getirmek babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

Myhmanlaryň çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.