mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda syýagalamlaryň görnüşleri artdyrýar

view-icon 2836
Türkmenistanda syýagalamlaryň görnüşleri artdyrýar

Işewür Kakaly Geldiýewiň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde esaslandyrylan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti ilat içinde gyzgyn garşylanan “Nusga” haryt nyşanly syýagalamlaryň (ruçkalaryň) täze hoşboý ysly görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhanada Hindistandan getirilen kuwwatly tehnikalar arkaly “Nusga” haryt nyşanly üçburçly, dörtburçly, tegelek görnüşdäki syýagalamlaryň aýda 1,5-2 million sanysy öndürilip, ilata hödürlenilýär. Kärhananyň esasy çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden ýasalýar. Önümleriň ýokary hilli syýasy bolsa, Germaniýadan getirilýär. Üçburç görnüşdäki syýagalamlar ýaşyl, gök, gara, gyzyl reňklerde öndürilýär. Mundan başga-da, kärhanada okuwçylar we ofis üçin “Student pack” we “Office pack” atly ýörite syýagalam toplumlary öndürilýär.