2022-nji ýylyň 28-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanmagy mynasybetli edara we ýaşaýyş jaýlarynyň, ýol we durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň gurluşygy, dolandyryş merkeziniň abadanlaşdyrmagy hem-de onda ýaşaýjylary ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan bu uly taslamanyň ikinji tapgry bilen baglanşykly meselelere garaldy.
Taslamanyň birinji tapgyrynda binalaryň 336-synyň gurluşygy göz öňünde tutulan, olaryň arasynda jemgyýetçilik binalarynyň 11-si, dolandyryş edaralarynyň 26-sy, bilim edaralarynyň 19-sy, iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 258-si, lukmançylyk we sport binalarynyň 8-si, içki we daşky inženerçilik ulgamalrynyň hem-de desgalrynyň 14-si bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan ýerli kärhanalaryň 62-si we döwlet kärhanalarynyň 5-si olaryň gurluşygyny alyp barýarlar.
70 müň adam töweregi ilatly bu şäheriň ýurt üçin syýasy, ykdysady we durmuş taýdan uly ähmiýeti bolar. Ol Türkmenistanyň täze eýýamynyň ýüzüni görkezer, onuň yksysady mümkinçiligi, durmuşa gönükdirilen döwlet syýasaty, innowasiýalar we iň gowy halkara tejribesine laýyklykda ösýändigini görkezýär.
Türkmenistanda iri şäher gurluşygy taslamalaryny durmuşa geçirmekj üçin ýeterlik maliýe serişdeler we kärine ussat hünärmenler bar. Gurluşyk işleri geçirilýän döwürde potratçylar we kömekçi potratçylar gümrük paçlaryndan hem-de birža ýygymlaryndan boşadyldy.
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň taslamalaryny taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge dürli ugurtlardan hünärmenler gatnaşdy, sebitiň seýsmologik, ekologiýa we howa şertleri göz öňünde tutuldy. Taslamanyň dizaýnerlik çözgütleriniň köpüsini taýýarlamaga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Welaýat dolandyryş merkeziniň iň döwrebap düzümler we sanly meýdançada bütewi maglumatlar binýatly «akylly» şäher hökmünde gurulýandygy üçin onda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda sanlaşdyrmak ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan merkez açylar.
Sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar esasynda sazlaşykly şäher giňişliginiň döredilmegi ilatyň has oňaýly şertlerde ýaşamagy, netiejli işlemegi we okamagy, doly derejeli dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ol diňe bir häzirkizaman aragatnaşyk ulgamly we internetli şäher düzümleri we gulluklary sazlaşykly dolandyrylýan hem-de adamlara ýokary hilli durmuş şertlerini döredýän smart-siti bolmaz. Täze şäheriň Köpetdagyň ajaýyp eteginde gurulýandygy göz öňünde tutulyp, şeýle hem bu owadan ýeriň tebigy gözelligini saklamak hem-de ýaşaýjylaryň ekologiýa abadançylygyny we saglygyny üpjün etmek üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmak hem göz öňünde tutulýar.
Degişli işleri öz wagtynda ýerine ýetirmek we olary utgaşdyrmak üçin hökümetiň mejlisinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti, şeýle hem täze şäheriň abadanlaşdyrylmagyna hem-de ilaty ýerleşdirmäge gönüden-göni gatnaşjak häkimlik döredilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze şähere mynasyp ady saýlamak üçin ählihalk pikir soralşygy geçirmegi teklip etdi.