Hindi kinematografynyň meşhur sazlaryndan düzülen şowhunly, many-mazmunly, tolgundyryjy konserti M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň estrada sungaty boýunça bilim alýan talyplary tomaşaçylara sowgat berdiler.
Wokalçylaryň milli geýimleri we al-elwan saralar, şeýle-de heniz hem köpleri tolgundyrýan uly teleekran arkaly görkezilen — «Tansor disko», «Bobbi», «Tansuý, tansuý» we beýleki filimlerden gysgajyk bolekler hindi filimleriniň howasyna çuňňur aralaşmaga ýardam etdi.
Özüne çekiji hindi sazynyň dünýäsine aralaşmak, iki doganlyk — hindi we türkmen halklarynyň özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary mundan beýlär-de ösdürnek maksady bilen, bu ýatdan çykmajak agşamy konserwatoriýanyň estrada bölüminiň müdiri, estrada orkestriniň drižýory Maýsa Mämmetjumaýewa gurady.
- Hindi kinofilimlerinden gurnalan uly konsert estrada sungatynyň hepdeligini açdy. Ýakyn günlerde biziň kafedramyzyň işlerine bagyşlanyp, nusgawy we wideoşekilli konsert we beýleki çäreler geçiriler. Şu koserti guramak pikiri has öňräk döredi. Ony amala aşyrmak hem-de çeper, labyzly we ynandyryjy bolmagy üçin, biz talyplar bilen hindi aýdymlarynyň latyn dilindäki tekstini tapdyk, owazynyň asyl nusgasyny diňledik diýip, - Maýsa Mämmetjumaýewa gürrüň berdi.
Aýdymçylaryň labyzly ýerine ýetiren aýdymlary märekede ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýadygärlik üçin tomaşaçylar ykjam telefonlaryna konsertiň iň gowy pursatlaryny surata düşürdiler.
Aýratynda tomaşaçylaryň kalplaryny M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internadynyň okuwçysy Iskender Rejepowyň ýiti we owazly sesi tabyn etdi. Her ýylky «Merjen däneleri» wokal bäsleşigine gatnaşyjy Iskender « Tansuý, tansuý » kinofilimnden «Аgaýa, аgaýa» hindi aýdymyny ýerine ýetirdi.
Sazlaşykly hindi tanslary hem gaýtalandy. Aýdymçy jübütler Jora Joraýew bilen Jennet Mekanowa «Durmuşda hemme zat bolýar» kinofiliminden tans sahnasyny takyk gaýtaladylar. Konserte gatnaşanlaryň köpüsi türkmen artistiniň hindi kinematografynyň ýyldyzy Şakryuh Hana meňzeşdigini bellediler.
Gyzykly konsert programmasy Mansur Şaripow bilen Ýagşygül Omarowanyň «Danse is Life» hiti bilen tamamlandy. Talyplar tomaşaçylary şeýle bir tolgundyrdylar welin konsert tamamlanandan soň hem her kim ahyrky aýdymy gaýtalaýardy we özlerini bendi eden zehinler bilen surata düşmäge howlugýardylar.